No |
Taslamanyň ady |
Dowamlylygy we býujeti |
Taslamanyň maksatlary |
Taslamanyň hyzmatdaşlary |
1998 |
Syýahatçylygyň ykdysadyýeti
JEP- 100601998 |
3 ýyl
305,200.00 |
Türkmenistanyň institutynda syýahatçylyk kafedrasynyň okuw meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak we işläp taýýarlamak hem-de şol institutyň çäklerinde dolandyryş işlerini güýçlendirmek. Işgärleriň ösüşini, degişli enjamlarynyň barlygyny we syýahatçylyk senagaty bilen aragatnaşyklary gowulandyrmagy üpjün etmeli.
|
1. Bornmut uniwersiteti, Beýik Britaniýa
2. Perpinýan uniwersiteti, Fransiýa
3. Türkmen Milli sport we syýahatçylyk instituty
|
1998 |
Suwy we howany arassalamakdaky tebigaty goramak tilsimaty boýunça okuwy gurnamak
JEP-10608-1998
|
3 ýyl
250,505.00 |
Täze okuw meýilnamalary we täze okuw kurslary işläp taýýarlamak, täze okuw kitaplary işläp taýýarlamak we köne okuw kitaplaryny döwrebaplaşdyrmak, täzeden okuw geçirmek.
|
1. Sawoýa uniwersiteti, Fransiýa
2. Turin şäheriniň Politehniki instituty, Italiýa
3. Kowentr uniwersiteti, Beýik Britaniýa
4. Türkmen döwlet politehniki instituty
|
1999 |
Türkmenistanda ýewropa dillerini öwrenmek
CP-20570-1999 |
2 ýyl
200,000.00 |
- Ýewropa dillerini öwrenmek;
- Terjime ukyplaryny kämilleşdirmek;
- Terjimäniň döwrebap tehniki usullaryny öwrenmek;
- Daşary ýurt dillerini okatmak boýunça Ýewropanyň usulyýetlerini we meýilnamalaryny öwrenmek.
Daşary ýurt dillerini okatmakda we terjimeleri taýýarlamakda Ýewropa hünärmenleri bilen hyzmatdaşlyk we tejribe alyşmak.
|
1. Granada uniwersiteti, Ispaniýa
2. Anzera uniwersiteti, Fransiýa
3. Heriot-Watt uniwersiteti, Beýik Britaniýa
4. D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller instituty
5. Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty, Türkmenabat |
1999 |
Türkmenistanyň tehniki taýdan ýokary okuw mekdeplerinde halkara bölümlerini döretmek
CP-20516-1999 |
2 ýyl
200,000.00 |
Aşakda görkezilen meseleleri ýerine ýetirjek Konsorsiumy döretmek:
1. Daşary ýurt hyzmatdaşlar bilen aragatnaşyklar üçin infrastrukturasyny döretmek;
2. Daşary ýurt hyzmatdaşlar bilen erkin gürleşip biljek işgärleri taýarlamak;
3. Daşary ýurt hyzmatdaşlar barada maglumat ýygnamak we Türkmenistan barada maglumaty daşary ýurtlarda ýaýratmak
4. Daşary ýurt gaznalar hem-de taslamalary maliýeleşdirmek boýunça mümkinçilikler barada maglumat ýygnamak;
5. Daşary ýurt hyzmatdaşlar bilen ylmy alyş-çalyşy gurnamak we utgaşdyrmak;
Halkara gaznalar üçin talapnamalary taýýarlamakda goldaw bermek.
|
1. Gamburg-Garburg tehniki uniwersiteti, Germaniýa
2. Alborg uniwersiteti, Daniýa
3. Türkmen döwlet politehniki instituty
4. Türkmen döwlet energetika instituty
5. Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty |
1999 |
Tölegli esasda edaralaryň talapnamalaryna laýyklykda okuw geçirirýän ýokary okuw mekdeplerini döretmegiň we işiniň ýewropa tejribesini öwrenmek
CP-20512-1999
|
2 ýyl
200,000.00 |
Edaralaryň talaplaryna laýyklykda talyplary taýýarlamak |
1.Wirtschanftsakademie Shleswig-Holstein, Germaniýa
2. Swendborg Handelsskole, Daniýa
3. Türkmen Döwlet Politehniki instituty
4. Türkmen Döwlet ulag we aragatnaşyk instituty
|
2001 |
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kitaphanasyny döwrebaplaşdyrmak
JEP-22040-2001 |
2 ýyl
292,000.00 |
1. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kitaphanasynda resmi gorynyň dolandyryşyň maglumat ulgamyny gurnamak;
2. Elektron görnüşindäki maglumatlary ullanmaga talyplaryň, mugallymlaryň, ylmy we kitaphananyň işgärleriniň ünsüni çekmek
|
1. Nissa Sofiýa-Antipoli uniwersiteti, Fransiýa
2. Kuembry uniwersiteti, Portugaliý
3. ENSSIB Kitaphana we informatika işi boýunça Ýokary milli mekdep, Willerban, Fransiýa
4. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
|
2002 |
Türkmenistan üçin okuwyň hünärmenlik dil ulgamy
JEP-23228-2002 |
3 ýyl
461,250.00 |
1. D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynda dil we ýazmaça terjime boýunça milli merkezi döretmek;
2. Ýörite maksatly, has-da türkmen ykdysadyýet ulgamyna degişli terjimeçiler üçin okuw meýilnamasyy işläp taýýarlamak
|
1. Heriot-Watt uniwersiteti, Beýik Britaniýa
2. Granada uniwersiteti, Ispaniýa
3. D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller instituty
4.Türkmen Döwlet ulag we aragatnaşyk instituty
|
2002 |
Merkezi Aziýada suw baýlyklary dolandyryş we daşky tebigaty goramak boýunça halkara magistr maksatnamasynyň ösüşi
231722002
|
3 ýyl
550,000.00 |
1. Suw serişdeleri dolandyryş we daşky tebigaty goramak boýunça sebitara hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek;
2. Halkara tassyklanan magistr maksatnamasynyň ösüşi |
1. Daşkent döwlet agrar Uniwersiteti, Özbegistan
2. Merkezi Aziýanyň we Kawkazyň suw baýlyklarynyň dolandyryş halkara instituty, Daşkent, Özbegistan
3. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
4. Özbegistan Respublikasynyň oba we suw hojalyk ministrligi
5. Ýokary we ýörite-orta bilim ministrligi, Özbegistan
6. Merkezi Aziýa boýunça suw utgaşdyryş döwletara komissiýasynyň ylmy-maglumat merkezi, Özbegistan
|
2002 |
Türkmenistanyň uniwersitetlerinde dünýä standartlary boýunça okuw
JEP-23020-2002 |
2 ýyl
269,900.00 |
Türkmenistanyň bäş sany institutyna, degişli guramalara we ministrliklere Internet ulgamyny ullanmak boýunça giňişleýin okuw geçirmekde mümkinçilik berýän, NATO-nyň Ylmy Komitetiniň «Wirtual Ýüpek Ýoly» atly taslamanyň esasynda döredilen hem-de azyndan 2005-nji ýylyň iýun aýyna çenli Merkezi Aziýanyň hemme ýurtlary üçin ýokary tizlikli Internet ulgamyna birikdirilmek mümkinçiligini berýän, INTME uniwersiteti dolandyrmak boýunça durnukly guramasyny döretmek.
|
1. Gamburg-Garburg tehniki uniwersiteti, Germaniýa
2. Barselona awtonom uniwersiteti, Ispaniýa
3. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky ylym we tehnika boýunça Ýokary Geňeş (şu wagt-Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy)
4. Türkmen Döwlet ulag we aragatnaşyk instituty
5. Türkmen Döwlet Politehniki instituty
6. Türkmen Döwlet energetika instituty
7. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen döwlet oba hojalyk uniwersiteti
8. Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty
|
2002 |
Türkmen Ykdysady okuw merkezi
JEP-23202-2002 |
3 ýyl
400,000.00 |
1. Öz ýurdunda tejribäni ornaşdyrjak türkmen mugallymlar üçin Ýewropa uniwersitetlerindäki okuw kurslarynyň ösdürmegini teklip bermek;
2. Okuw merkezini döretmek, enjamlaşdyrmak we işine ýardam bermek
|
1. Kataloniýa Politehniki uniwersiteti, Ispaniýa
2.Grenobl milli politehniki instituty, Fransiýa
3.Türkmen döwlet dolandyrş instituty
4. Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty
|
2003 |
Türkmenistan üçin daşky tebigaty goramak we syýahat boýunça okuw merkezi
JEP-24125-2003 |
3 ýyl
260,000.00 |
1. Daşky tebigaty goramak we syýahat boýunça okuw merkezini döretmek.
2. Ýokary hilli okuwy we degişli bolan işleri geçirmek.
3. Syýahatyň ösüşiniň geljekki peýdasynyň hem-de ekologiki we medeniýet esaslaryna düşünmekliginiň görkezilmesi.
4.Merkeziň geljekki işjeň ukyplylygyna güwä geçmek.
|
1. Bornmut Uniwersiteti, Beýik Britaniýa
2. Wiana do Kastelo Politehniki instituty, Portugaliýa
3. Türkmenistanyň döwlet syýahat we sport boýunça komiteti
4. Türkmenistanyň tebigaty goramak ministrligi
5. Türkmen milli syýahatçylyk we sport instituty
|
2003 |
Türkmenistandaky täze okuw meýilnama boýunça mugallymlar üçin ditansion okuw
JEP-24020-2003 |
3 ýyl
499,670.00 |
1. Türkmen Internet merkezleriniň infrastrukturasynyň giňelmegi;
2. Türkmenistandaky distansion okuwyň umumy kompýuter binýadynyň ösüşi;
3. Kompýuter we meýilnama üpjünçiligi, informatika, ykdysadyýet we işewürlik dolanşyk ýaly ulgamlarda distansion okuw boýunça ýörite türkmen okuw meýilnamasyny işläp taýýarlamak;
4. Iňlis dili okadýan türkmen mugallymlar üçin distansion usuly boýunça ýörite türkmen okuw meýilnamasynyň çäklerinde okuw geçirmek.
|
1. Gamburg-Garburg tehniki Uniwersiteti, Germaniýa
2. Barselona awtonom Uniwersiteti, Ispaniýa
3. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanybdaky ylym we tehnika boýuça Ýokary Geňeş (şu wagt Türkmenistanyň ylymlar Akademiýasy)
4. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet Uniwersiteti
5. D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller instituty
6. Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty
7. Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty
|
2003 |
Nebit-gaz senagatynda daşky tebigaty goramak boýunça okuw kursy
JEP-24263-2003 |
2 ýyl
274,000.00 |
Işläp taýýarlanan okuw kursy we döredilen tehniki binýadyny ullanyp, nebitgaz senagatynda daşky tebigaty goramak boýunça çuňňur bilimli hünärmenleri okatmak.
|
1. Freiberg University of Mining and Technology-Bergakademie, Germaniýa
2. Institute de Recherche de Lecole navale, Fransiýa
3. Türkmen politehniki instituty
|
2004 |
Suw serişdeleri rejeli ullanmak we daşky tebigaty goramak boýunça okuw meýilnamasyny işläp taýýarlamak CD_JEP-25239-2004
|
2 ýyl
253,556.00 |
1. Suw serişdelerini rejeli ullanmak we daşky tebigaty goramak boýunça meýilnamalary işläp taýýarlamak;
2. Türkmen politehniki institutynda daşky tebigaty goramak boýunça okuw merkezini döretmek;
3. Mugallymlary gaýtadan okatmak;
4. «Durnukly ösüş üçin daşky tebigaty goramak boýunça okuw» atly konferensiýany guramak
|
1. Şwesiýa Korollygynyň tilsimaty instituty, Şwesyýa
2. Tallinn tilsimaty Uniwersiteti, Estoniýa
3. Türkmen döwlet politehniki instituty
|
2004 |
Ýewropa uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanda oba hojalyk bilimiň ösüşi
JEP-25064-2004 |
3 ýyl
530,000.00 |
S.A.Nyýazow adyndaky oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalygyň ykdysadyýeti we oba hojalygyň mehanizasiýasy fakultetleriň işgärlerini, okatmagyň usulýetlerini we talyp okuw meýilnamalaryny 2008-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli dünýä laýyk standartlaryna getirmeli.
|
1. Kordoba Uniwersiteti, Ispaniýa
2. «PROYECTOS E-U» halkara taslamalar üçin Uniwersitet gaznasy, Kordoba, Ispaniýa
3. Kalington gersogçylygyň oba hojalyk we bagbançylyk kolleji, Beýik Britaniýa
4. Ýaş fermerleriň mekdebi, Türkmenistan
5. S.A.Nyýazow adyndaky oba hojalyk uniwersiteti
|
2004 |
Türkmenistandaky bilim tilsimatlary
SCM-T027A042004 |
1 ýyl
100,000.00 |
Taslamanyň umumy maksady ylymda we ýokary bilimde maglumat-kommunikasion tilsimatlaryň ösüşine Ylym we tehnika boýunça Ýokary Geňeşe ýardam bermek.
Ýorite taslamanyň maksatlary:
1. Günbatar Ýewropanyň bilim edaralarynda maglumat-kommunikasion tilsimatlaryň ullanşynyň tejribesini seljermek;
2. Gündogar Ýewropanyň maglumat-kommunikasion tilsimatlary okuwa we bilime girizmegini seljermek;
3. Türkmen ýokary okuw jaýlarynda maglumat-kommunikasion tilsimatly okuwy girizmek boýunça teklipleri bermek;
4. Bilime we okuwa maglumat-kommunikasion tilsimatlary girizmek boýunça Bilim ministrligi ýaly utgaşdyryjy edralara maslahat bermek;
5. Maglumat-kommunikasion tilsimatlary öz işinde ullanmak soraglary boýunça türkmen ýokary okuw jaýlaryň mugallymlaryna maslahat bermek.
|
1. Kataloniýa Politehniki uniwersiteti, Ispaniýa
2. Amaly ylymlaryň milli instituty,Fransiýa
3. Türkmen döwlet dolandyryş instituty
4. Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty
5. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky ylym we tehnika boýunça Ýokary Geňeş (şu wagt Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy) |
2004 |
Döwlet we bilim pudagynda maglumat tilsimatlary öwretmek
SCM-T044A042004 |
1 ýyl
73,500.00 |
Öwretmek üsti bilen taslama institusional gurluşyga gönükdirilen.
Taslama ýörite we aýratyn ýagdaýda bilim ulgamy we döwlet dolandyryş ýolbaşçylygy üçin maglumat tilsimatlara öwredilmegine gönükdirilen (SCM taslamalar üçin Türkmenistan boýunça ähmiýet № 1)
Degişlilikde taslama aşakdakylary ýerine ýetirýär:
1. Umumylaşdyrylan we ýörite bilim mejlisleriň we okuw saparlaryň üsti bilen degişli we döwrebap bilimleri we ukyplary girizmek;
2. Taslamanyň işine girizilen guramalaryň funksional mümkinçiliklerini güýçlendirmek;
3. Ýetilen netijeleri ýaýratmak.
|
1. Antwerpen Uniwersiteti, Belgiýa
2. Maastriht Menejmentiň mekdebi, Niderlandy
3. Türkmen döwlet dolandyryş instituty
3. Türkmenistanyň ykdysadyýet we maliýe ministrligi
|
2005 |
Bilimiň uniwersitetara menejmenti
JEP-26249-2005 |
3 ýyl
470,084.00 |
Maliýe meseleleri boýunça uniwersitetara multimediýa okuwy işläp taýýarlamak üsti bilen ýokary bilimiň menejmentiniň we okuwynyň ösüşine goşant goşmak. Bu Türkmenistanyň durmuş-ykdysadyýet ösüşine ýardam bererdi
|
1. Kataloniýa politehniki uniwersiteti, Ispaniýa
2. Grenobl milli politehniki instituty, Fransiýa
3. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
4.Türkmen döwlet dolandyryş instituty
5. Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty
|
2005
|
Türkmenistanda durnukly agro-senagatyň we oba hojalygyň ösüşi boýunça innowasion okuw
JEP-26156-2005 |
3 ýyl
500,000.00 |
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň weterinariýa we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetleriniň talyp okuw meýilnamalaryny, okuw usullaryny we işgärlerini 2009-njy ýylyň 31-nji awgustyna çenli dünýä standartlaryna laýyk getirmeli.
|
1. Kordoba uniwersiteti, Ispaniýa
2. «Proyectos E-U», halkara taslamlaryň uniwersitet gaznasy, Kordoba, Ispaniýa
4. Ýaş fermerleriň mekdebi, Türkmenistan
5. OYIKLY, Türkmenistan
6. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti
|
2005 |
Nebitgaz pudagynda pudakara hünärmenlik kwalifikasiýa üçin goşmaça bilimiň ýewropa-türkmen merkezi
JEP-26149-2005 |
3 ýyl
493,442.00 |
1. Nebitgaz pudagynda pudakara hünärmenlik derejesi we bilim üpjünçiligi üçin goşmaça bilim merkezini işläp taýarlamak, döretmek we institusional taýdan üpjün etmek.
2. Ulag we logistika, ykdysadyýet, edara gurnamasy, hünär boýunça dil öwretmek, maglumat tilsimatlary we menejment ýaly pudaklarda nebi we gaz senagat edaralaryň işgärleri üçin okuw we gaýtadan okuw kurslaryny geçirmek we talaba görä ösdürmek.
3. Halkara wirtual «Bilim we kompetensiýa» atly ulgamyň döretmegiň üsti bilen taslamanyň hilini we netijeleriniň dowamlylygyny gözegçilikde saklamak.
|
1. Fachhochschule des MITTELSTANDS, Bilefeld, Germaniýa
2. Rackow GMBH, Germaniýa
3. Helsinki şäheriniň Kommersiýa kolleji, Finlýandiýa
4. Warmiýa we Mazuriýa Uniwersiteti, Olştyn, Polşa
5. Stiftung Bildug and Handwerk, Paderborn, Germaniýa
6. Türkmen politehniki instituty
|
2005 |
Ýokary bilimiň ýagdaýy we onuň hilini ýokarlandyrmak boýunça ugurlaryň ýewropa tejribesi
SCM-038B05-2005
|
1 ýyl
126,337.00 |
Ýokary bilim ulgamynyň okuw işlerinde kriteriýalary we ulgamyň hiliniň standartyny işläp taýýarlamak we barlagdan geçirmek |
1. Kataloniýa politehniki uniwersiteti, Ispaniýa
2. Grenobl milli politehniki instituty, Fransiýa
3. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
|
2005 |
Uniwersitetleriň we senagatyň arasyndaky aragatnaşyklaryň ösüşini kämilleşdirmek
SCM-T052B052005 |
1 ýyl
112,315.72 |
Uniwersitet we senagat bilen arasyndaky aragatnaşyklaryň kämilleşdirmegiň strategiki meýilnamasy hem-de taslamanyň hyzmatdaşy bolan her bir uniwersitetinde birinji tapgyrynyň geçirilmegi
|
1. Grenobl milli politehniki uniwersiteti, Fransiýa
2. Kataloniýa politehniki uniwersiteti, Ispaniýa
3. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
4. Türkmen döwlet dolandyryş instituty
5. Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty
6. Türkmen döwlet energetika instituty
7. Türkmenistanyň Bilim ministrligi
|
2005 |
Türkmen inzener uniwersitetleriň senagat bilen işleşmegiň täze usullaryň ösüşi
SCM-T049B05-2005
|
1 ýyl
114,440.00 |
Milli ykdysadyýet üçin ýokary hünärli inzenerleri taýýarlamak üçin Türkmenistanyň senagatynyň we uniwersitetleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň usullaryny üýtgetmek |
1. Şwesiýa Korollygynyň tilsimat instituty, Şwesiýa
2. Ýokary bilimiň milli agentligi, şwesiýa
3. Türkmen döwlet energetika instituty
|
2006 |
Türkmenistandaky daşky tebigaty goramak we syýahat boýunça okuw merkezlerinde gysga möhletli okuw kurslaryň ösüşi
SCM-T022A06-2006 |
1 ýyl
93,510.00 |
Türkmenistandaky daşky tebigaty goramak we syýahat boýunça okuw merkeziniň işgärleriniň arasynda hünärmenler üçin gysga möhletli okuwyň işläp taýalamak we geçirmek boýunça tejribäni kämilleşdirmek. Bu okuw arasy bagly bolup duran syýahat hem-de tebigy we medeni mirasy ýaly pudaklaryň binýadynda birnäçe ýöriteleşdirilen, gysga möhletli we intensiw kurslaryň ösmegine gönükdiriler.
|
1. Bornmut uniwersiteti, Beýik Britaniýa
2. Wiana do Katelo politehniki instituty, Portugaliýa
3. Türkmen milli sport we syýahat instituty
|
2006 |
Ýörite maksatlar üçin mugallymlara iňlis dili öwretmek
SCM-T073A06-2006 |
1 ýyl
135,550.00 |
Ýörite maksatlar üçin dilleri öwretmek boýunça okuw gollanmasyny işläp taýarlamak hem-de birnäçe görkezme okuw kurslaryny geçirmek. Bu çäreler mugallymlaryň ýerine ýetirmeli işleriň gollanmasyny işläp taýýarlamagyň üsti bilen ýörite maksatlar üçin dil öwrenmekligini milli derejede berkider. Bu işler hiliň gözegçiligini we baha bermek ölçeglerini öz içine alar. Okuw boýunça gollanma taslamanyň ýerine ýetirilmegini illi derejede talap edýän nebitgaz pudagynyň zerurlygyna gönükdiriler, sebäbi agzalan pudagyň esasy işleri Aşgabat şäheriniň çäkleriniň daşynda alnyp barylýar.
|
1. Heriot-Watt uniwersiteti, Beýik Britaniýa
2. Swendborg ýokary mekdebi, Daniýa
3. Granada uniwersiteti, Ispaniýa
4. D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller instituty
5. Türkmen döwlet politehniki instituty
6. Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty
7. Türkmen döwlet geologiýa gözleg instituty
8. «Tebigi Kuwwat» Ylmy-önümçilik birleşigi, Türkmenistan
|
2006 |
Onlaýn okuwy we serişdeleri ullanmaklyk boýunça okuw
JEP-27288-2006 |
2 ýyl
248,720.00 |
1. «Wirtual daş töweregi öwrenşi» (WIO) girizmegiň üsti bilen ýörite maksatlar üçin (awiasiýa, deňiz ukagy) iňlis dilini öwretmekligiň täze okuw meýilnamalaryň işläp taýýarlamagynda ICT ullanmak.
2. «Wirtual daş toweregi öwrenşi» ullanmaklygyny Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutyň işgärlerine öwretmek hem-de institutyň işinde ullanmak üçin okuw meýilnamalaryny, usullary we kurslary işläp taýýarlamak üçin agzalan institutda WIO Resurs Merkezini döretmek.
|
1.Heriot-Watt uniwersiteti, Beýik Britaniýa
2. Granada uniwersiteti, Ispaniýa
3. D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller instituty
4. Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty
5. Türkmen awiaýollar
6. Türkmenbaşy halkara deňiz menzili, Türkmenbaşy ş., Türkmenistan
|
2006 |
Türkmenistanda önümçilik tejribesi döwründe maglumat-kommunikasion tilsimatlary (ICT) ullanmaklygy bilen okuw geçirmek
JEP-27028-2006 |
2 ýyl
284,970.00 |
1. ICT ullanmagy bilen önümçilik we hünär tejribesi döwründe okuw işini dolandyrýan we ösdürýan uniwersitet dolanşyk bölümini we sistemany döretmek;
2. Türkmenistanyň ministrlikleri, senagaty we ýokary okuw jaýlary bilen hyzmatdaşlykda we ICT ullanmagy bilen önümçilik we hünär tejribesi döwründe ýörite türkmen usullýetini işläp taýýarlamak;
3. Saýlanan ulgamlarda synag okuwy geçirmegiň hem-de soňundan uly möçberli okuwyň we mugallymlar üçin okuw meýilnamasynyň üsti bilen ICT ullanmagy bilen geçirilýän önümçilik we hünär tejribesi döwründe praktiki tejribesini okuwda ullanmak;
4. Durnuklylyk: ICT-Maglumat-kommunikasion tilsimatlary Türkmenistanyň bilim ulgamynda durnukly tertip hökmünde ullanmagy bilen önümçilik we hünär tejribesi döwründe okatmagyň esaslaryny döretmek
|
1.Gamburg-Garburg tehniki uniwersiteti, Germaniýa
2. Barselona Awtonom uniwersiteti, Ispaniýa
3. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
4. Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty
5. Türkmen döwlet energetika instituty
6. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky ylym we tehnika boýunça Ýokary Geňeş (şu wagt Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy)
7. Türkmenbaşy halkara deňiz menzili, Türkmenbaşy ş., Türkmenistan
8. Türkmenistanyň energetika ministrliginiň «Gün» Ylmy-önümçilik assosiasiýasy (şu wagt Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň «Gün» instituty)
9. Ulag ykdysadyýetiniň ullanylşy we goldawy boýunça direktorady (Häkimlik), Türkmenistan
10. «Maryenergo» Birleşmesi, Mary ş., Türkmenistan
|
2008 |
Türkmenistanyň senagaty we hünär-tehniki okuwy üçin gün elementleriň tilsimatlary boýunça okuwlar
JP-144791-2008 |
3 ýyl
632.739,00 |
1. Dolanşygyň ülňesini we bölümiň döredilmegi (SOLTME Türkmenistandaky gün elementleriň inisiatiwasy), gaýtadan ulanýan energiýanyň we gün elementleriň tilsimaty boýunça okaýan talyplary we aspirantlary üçin okuw binýatynyň ösüşine ýardam bermekilk;
2. Gün elementleriň tilsimatynyň tegnologiýasynyň halkara derejesinde Türkmenistan üçin aralykdaky okuwyň ýörite usullýetleriň hem-de maglumat-kommunikasion tilsimatlary ullanmak bilen ýokary okuw jaýlar, ministrlikler, senagat bilen hyzmatdaşlykda okuw üçin ýörite gözegçiliginiň ösüşi;
3. Bilim binýadynyň ösüşi we täzeden döreýän energiýanyň we gün elementleriň tilsimaty pudagynda synag okuwyň, soňunda giňden okuwyň, ýaýramagyň hem-de köpçilikleýin gurnamanyň üsti bilen maglumat-kommunikasion tilsimatlary ullanmak bilen okuwda tejribe endiklerini almak;
4. Durnuklylyk: Türkmenistanyň Hökümetiniň (Türkmenistanyň hökümeti, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky bilim we tehnika boýunça Ýokary Geňeş, Ministrler Kabineti) tassyklamagy bilen hem-de bilim we öwrediş usuly ähmiýetinde we adaty çäre hökmünde Türkmenistanyň ýokary okuw ulgamynda ullanyljak maglumat-kommunikasion tilsimatlary ullanmagy bilen okuw üçin Ýewropa Bileleşiginiň uniwersitetleriň degişli elektron kurslarynyň binýadynyň döredilmegi;
5. Edara-guramalarda ulgamyň geljekki ýola goýmaklygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky bilim we tehnika boýunça Ýokary Geňeşiniň maslahaty we goldawy hem-de şu wagt teklip berilen Ýewropa Bileleşiginiň maslahat beriş strategiýanyň durnukly ösüşi (PAP) meýilnamasy bilen hyzmatdaşlygyny goşmaklyk bilen beýleki donorlar bilen bilelikdäki maliýeleşdirme, gonorary tölemekligine ýa-da subsiduýalar boýunça hökümet syýasatynyň zerurlygyna esaslanýan mümkin gullugyny we maýa goýumyny goşmaklyk bilen. |
1. Barselona Awtonom uniwersiteti, Ispaniýa
2. Freiberg University of Mining and Technology-Bergakademie, Germaniýa
3. Aweiro Uniwersiteti, Portugaliýa
4. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky ylym we tehnika boýunça Ýokary Geňeş (şu wagt Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy)
5. Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty
6. Türkmen döwlet energetika instituty, Mary ş.
7. Türkmenistanyň energetika ministrliginiň «Gün» Ylmy-önümçilik assosiasiýasy (şu wagt Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň «Gün» instituty)
|
2009 |
Türkmenistanyň ýokary okuw sistemasyna zerur bolan halkara gatnaşyklaryň ösüşi
SM 158887- 2009 |
3 ýyl
624.175,00 |
1. Gerek bolan şertleriň we taslamanyň infrastrukturasyny döretmek;
2. Ýewropa ýokary biliminiň strategiki ösüşini görkezme, adaptasiýa we oňa baha bermek;
3. Uniwersitet dolanşygyndaky halkara gatnaşyklary kämileşdirmek;
4. Uniwersitetleriň halkara bölümleriniň ösüşi;
5. Uniwersitet okuw işlerinde halkara gatnaşyklaryň kämilleşdirmekligi we olaryň Türkmenistanda ulanylmagy;
6. Uniwersitet gözleg we innowasion işleriniň ösüşi üçin halkara gatnaşyklary kämilleşdirmekligi. |
1. Kordoba Uniwersiteti, Ispaniýa
2. Barselona Tekniki Uniwersiteti, Ispaniýa
3. Seget Uniwersiteti, Wengriýa
4. Turin Uniwersiteti, Italiýa
5. Türkmenistanyn Bilim ministrligi
6. Türkmen döwlet politehniki instituty
7. Türkmen döwlet oba hojalyk uniwersiteti
8. Òürkmen döwlet lukmançylyk uniwersiteti
9. S.Seýdy adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty
|