Türkmenistandaky Milli Tempus ofisi
  EN TM RU
Baş sahypasy | Tempus Türkmenistanda | Ähmiýetleri | Täzelikler | Hereketdäki taslamalar | Tamamlanan taslamalar | Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlary | Erasmus Mundus | Peýdaly salgylanmalar | Biz barada | Partner search | HEREs | Wiza
 

  Ýewropa ekspertleri üçin wiza almaklygyň düzgüni üýtgedi.

Wiza almaklygyň işini başlamak üçin taslamanyň ýewropa utgadyryjysy çakylyk üçin Haýyşnamany (adaty bolşy ýaly) we ekspertiň (ýada ekspertleriň toparynyň) pasportynyň reňkli nusgasyny elektron poçta arkaly ugratmaly. Şu Haýyşnama türkmen tarapyndan utgaşdyryjy uniwersitetiniň rektorynyň adyna bolmaly. Soňra sapar üçin rugsatnama almak üçin rektor Haýyşnamany Türkmenistanyň Bilim ministrligine ugradýar.

Ikinji Haýyşnamany ýewropa Utgaşdyryjysy Türkmenistanyň Maliýe ministri, halkara tehniki kömegiň maksatnamalaryň Milli utgaşdyryjysy Döwlet Sadykowyň adyna ugratmaly (ikinji hatyň manysy birinji hatdaky ýaly).

Türkmenistanyň Bilim ministrliginden rugsatnama alnandan soň, Rektor Döwlet Sadykowyň adyna wiza almak üçin Haýyşnamany ugratmaly (ýewropa utgaşdyryjynyň haty goşulýar). Milli utgaşdyryjynyň ofisi şu Haýyşnamany Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine ugradýar, soňra Daşary işler ministrligi haty Türkmenistanyň Migrasiýa gullugyna ugradýar.

Çakylyk taýar bolan wagty ýerli türkmen utgaşdyryjysy Migrasiýa gullugynda çakylygy alyp biler.

Wiza Aeroporta gelen wagtynda alynyp bilner (adaty bolşy ýaly)

 


 
Web-saýt «EuropeAid» Ösüş we hyzmatdaşlyk boýunça Baş Direktorat hem-de giňeltme boýunça Baş Direktorat tarapyndan maliýeleşdirilýän Ýewropa Bileleşiginiň Tempus Maksatnamasynyň çäklerinde döredilen.

Bu web-saýt awtorlaryň nukdaýnazaryny görkezýär;Okatmagyň, audiowizual serişdeler we medeniýet boýunça Ýerine ýetiriji Agentligi (EACEA) we Ýewropa Komissiýasy saýtdaky maglumatlary ullanylýandygy üçin jogapkärçilik çekenoklar.
Türkmenistandaky MTO
1998-2013