Türkmenistandaky Milli Tempus ofisi
  EN TM RU
Baş sahypasy | Tempus Türkmenistanda | Ähmiýetleri | Täzelikler | Hereketdäki taslamalar | Tamamlanan taslamalar | Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlary | Erasmus Mundus | Peýdaly salgylanmalar | Biz barada | Partner search | HEREs | Wiza
 

  Täzelikler
 
2012-nji ýylyň 22-nji noýabry.
Tempus Maglumat güni

2012-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Tempus Milli ofisi Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde tempus Maglumat güni atly her ýylky maslahaty geçirdi. Bu çäre ikinji gezek Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň binasynda geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň wekilleri gatnaşdy.

Gutlag sözini Türkmenistandaky Ýewropa öýiniň Utgaşdyryjysy jenap Teo Hensels, Türkmenistandaky Ýewropa Bileleşiginiň wekillikleriniň Aragatnaşyk Býurosynyň ýolbaçysy hanym Anne Suotula hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygy Nury Baýramow sözlediler.

Türkmenistandaky Tempus ofisiniň Utgaşdyryjysy hanym Aýna Çörekliýewa Tempus IV maksatnamasynyň çäklerinde talapnamalaryň altynjy bäsleşiginde hödürlenen mümkinçilikleriň, berjaý edilmeli düzgünleriň we işleriň tanyşdyrmasyny geçirdi, hem-de Erasmus Mundus maksatnamasynyň çäklerinde hödürlenýän mümkinçilikler barada habar berdi.

Türkmen Döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň ykdysadyýet kafedrasynyň mugallymy Sapargül Waliýewa «Türkmen Döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda Tempus we Erasmus Mundus taslamalaryň netijeleri barada» atly tanyşdyrmany geçirdi.

   
   

 
2012-nji ýylyň 8-9-nji oktýabry.
Merkezi Aziýada ýokary bilim ulgamynda işgärler gorunyň dolandyrylşyna
bagyşlanan sebitara Tempus maslahaty

Bilimiň, owretmegiň audiowizual serişdeleriniň we medeniýetiň Ýerine ýetiriji Agentligi 2012-nji ýylyň oktýabr aýynda Özbegystan döwletiniň Daşkent şäherinde işgärler gorunyň dolanşygynyň meseleleri boýunça maslahaty gurnady.

Maslahatyň maksady «Tempus maksatnamasynyň hyzmatdaş-ýurtlarynda ýokary bilim ulgamynda işgärler gorunyň dolanşygy» atly ylmy-gözleg işleriniň netijelerini tanyşdyrmakdan, hem-de işgärler gorunyň dolanşygynda maksatlary we meseleleri bilen bagly soraglary ara alyp maslahatlaşmakdan we derňewleri höweslendirkden ybaratdy.

Maslahata 5 ýurtdan (Gazagystan, Gyrgyzstan, Täjigystan, Türkmenistan we Özbegystan) gelen 80 golaý adam gatnaşdy: uniwersitetleriň wekilleri (mugallymlar we ýolbaşçy işgärleri), ýokary bilimiň meseleleri bilen bagly guramalaryň işgärleri, ministrlikleriň resmi wekilleri we Tempus Milli ofisleriň wekilleri.

Türkmenistan döwletiniň wekillýetine Türkmenistandaky Tempus milli ofisiň Utgaşdyryjysy hanym Aýna Çörekliýewa, Ýokary Bilimiň Kämilleşdirmeginiň Türkmen Eksperti jenap Batyr Izmailow we Türkmen nebit we gaz institutynyň mugallymy jenap Baýramgeldi Atajanow gatnaşdylar.

Maslahatyň gidişinde dört aýry bolan meseleler gozgaldy:

  • Mesele 1: işgärler gorunyň dolanşygy — mugallymlar
  • Mesele 2: işgärler gorunyň dolanşygy — ýolbaşçylar we tehniki işgärleri
  • Mesele 3: işgärler gorunyň dolanşygy — rektorlar we dekanlar
  • Mesele 4: işgärler syýahatynyň ösüşi we özgertmeleri.

 
2012-nji ýylyň 14-15-nji maýy.
Ýokary Bilimiň Özgertmesiniň Ekspertleri üçin tematiki maslahaty:
Uniwersitetleriň we telekeçiligiň hyzmatdaşlygy

Bu çäre Ýewropanyň paýtagtlarynyň uniwersitetleriniň ulgamy UNICA tarapyndan gurnaldy we 2012-nji ýylyň 14-15-nji maýynda Ysraýyl döwletiniň Holon şäheriniň Tehnologiki institutynda geçirildi.

Ýokary Bilimiň Özgertmesiniň Ekspertleri üçin bolan bu maslahat okuw dünýäsiniň we senagat dünýäsiniň arasyndaky aragatnaşygyna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilik döretdi. Bu maslahat gatnaşyjylara binýatlyk maglumaty, ösüşiň üýtgemeleri, hünär tanyşmalary we ders gözlegleriniň gysgaça habarlary bilen tanyşmak mümkinçiligini berdi.

Bu maslahata Türkmenistan, Azerbaýjan, Belarus, Ysraýyl, Russiýa, Ukraina we Özbegystan döwletleriniň Ýokary Bilimiň Özgertmeleriniň Ekspertleriniň Toparlaryndan daşary agzalan ýurtlaryň Milli Tempus ofisleriň wekilleri, hem-de Bilimiň, öwretmegiň audiowizual serişdeleriniň we medeniýetiniň Ýerine ýetiriji Agentligiň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistan döwleti tarapyndan Türkmenistandaky Tempus Milli ofisiň Utgaşdyryjysy hanym Aýna Çörekliýewa, Ýokary Bilimiň Özgertmeginiň türkmen ekspertleri jenap Çarymuhammet şallyýew, jenap Çaryýar Aşyraliýew we hanym Ogulsapar Nazarowa gatnaşdylar.

Maslahatyň temalary:

Sessiýa 1
Uniwersitetler milli we sebitara innowasion ulgamynda wajyp wekilleri hökmünde.

Sessiýa 2
Ýokary bilim ulgamynyň we telekeçiligiň arasyndaky hyzmatdaşlyk: gözleglerde hyzmatdaşlygy sazlamak we telekeçiligi ylmy jemgyýetinde ýöneltmek.

Sessiýa 3
Gözleg parklary nähili ösdürmeli we şonuň bilen baglanşykly netijeleri nähili saklamaly?


   
   

 
2011-nji ýylyň 23-nji noýabry
Tempus Maglumat Güni

2011-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Tempus Milli öfisi Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň binasynda Tempus Maglumat Güni atly her ýylky maslahatyny geçirdi.

Maslahatda Türkmenistanyň 16 ýokary okuw jaýlaryň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň wekilleri gatnaşdy. Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryň wekilleriniň umumy sany — 80 adam: 49 sany mugallym we 31 sany talyp. şeýle-de maslahata Türkmenistanda bilim ulgamynda işleýän ýewropa Bileleşiginiň agzasy-döwletleriň ilcihanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdy.

Gutlag sözini Türkmenistandaky ýewropa öýiniň Utgaşdyryjysy jenap Teo Hansels we Türkmenistandaky ýewropa Bileleşiginiň Wekilligiň Aragatnaşyk Býurosynyň ýolbaşçysy hanym Anne Suotula sözlediler.

Bilim, öwretmegiň audiowizual serişdeleri we medeniýet boýnça ýerine ýetiriji agentligi, Taslamalar boýunça Maslahatçysy hanym Alba Tiberi we Türkmenistandaky Tempus Ofisiň Utgaşdyryjysy Aýna Çörekliýewa Tempus IV maksatnamasynyň çäklerinde talapnamalaryň täze bäsleşigi tarapyndan hödürlenen mümkinçilikleriň, tarapdary bolmaly kadalaryň we işleriň bilelikdäki tanyşmalaryny hödürlediler, hem-de Erasmus Mundus meýilnamasynyň çäklerinde hödürlenýäň täzelikler barada habarly etdiler.

«Distansion okuwyň esasynda "Energetika menejmenti" bakalawriatyň okuw maksatnamasyny işläp taýýarlamak» JP-511172-2010 taslamasynyň hyzmatdasy bolup durian Türkmen politehniki institutyndan jenap Begenç Carykuliýew «Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda okatmanyň elektron usullaryny girizmek geljekdäki mümkinçilikleri barada» atly tanyşdyrmany hödürledi.


j-p Teo Hensels, Türkmenistandaky Ýewropa öýiniň Utgaşdyryjysy h-m Anne Suotula, Türkmenistandaky Ýewropa Bilelişiginiň Wekilleriniň Aragatnaşyk Býurosynyň ýolbaşçysy
h-m Alba Tiberi, TEMPUS bölümi, taslamalar boýunça Maslahatçy, Bilim, öwretmegiň audiowizual serişdeleri we medeniýet boýnça ýerine ýetiriji agentligi  

 

 
2010 ýylyň 27-nji noýabry
Tempus we Erasmus Mundus Maglumat güni

2010-njy ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Tempus we Erasmus Mundus maksatnamalar boýunça Maglumat güni geçdi. Maslahata Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, ähli ýokary okuw jaýlaryň hem-de Türkmenistanda bilim ulgamynda işleýän halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdy.


 

 
2010-njy ýylyň 20-21-nji sentýabry
Merkezi Aziýanyň ýurtlarynda üniwersitet dolanşygynyň meseleleri boýunça Tempus sebitara maslahaty

Bu maslahat 2010-njy ýylyň 20-21-nji sentýabrynda Gazagystanyň Almaty şäherinde Ýewropa Bilelişiginiň Bilim, öwretmegiň audiowizual serişdeleri we medeniýet boýnça ýerine ýetiriji agentligi tarapyndan gurnaldy.

Maslahatyň ara alyp maslahatlaşmak boýnça mowzuklaryň sanawy:

Mowzuk 1: utgaşdyryjy wezipeleri ýerine ýetirýäň döwletden, syn etmek wezipeleri ýerine ýetirýän döwlete tarap: ministrlikler üçin täze wezipeleri we orunlary

Topar 1A — Daşky dolandyryş — ýokary bilim ulgamynda jemgyýetçilik dolandyrşyň we ýolbaşçylygyň hünär tarapdan kämilleşdirilmegi

Topar 1B — Daşky dolandyryş — okuw maksatnamalarda we akademiki derejelerde degişli orunlary (erkinlik, ýolbaşçylyk, gözegçilik)

Mowzuk 2: özbaşdak we durmuş taýdan jogapkär uniwersitetlere tarap: dolandyryş we dolandyryş düzümleri

Topar 2A — Uniwersitet dolanşygy (agzalyk we borçlar): talyplary, ylmy-mugallymçylyk işgärleri we beýleki höwesli taraplary çekmek

Topar 2B — Uniwersitet dolanşygy: integrirlenen uniwersitetlaryň çäklerinde dolanşygyň we düzümiň döwrebaplaşdyrylmagy (fakultetlar, kafedralar we institutlar)

Mowzuk 3: uniwersitetleriň özbaşdaklygyna we jogapkärçiligine geçmek: özbaşdak integrirlenen uniwersitetleriň şertlerinde maliýe we adam baýlyklaryň dolanşygy

Topar 3A — täze býujet borçlaryň dolanşyk netijeleri: gurrnama, işlere we adam baýlyklaryna degişli netijeler

Topar 3B Dolanşyk mugallymlaryň, tehniki we edara ediş işgärleriň işletmek, saklamak, höweslendirmek, ösdürmek we baha bermek boýunça wezipesi we borçlary

 

 

 
27-nji maý 2010 ý
«Nebit we gaz pudakda pudakara hünär derejesi üçin goşmaça bilimiň ýewropa-türkmen merkezi» taslamasy boýunça jemleýji maslahaty

  • Türkmenistanyň bilim syýasaty üçin ýewropa-türkmen merkeziň ähmiýeti
  • Ýewropa-türkmen merkeziniň durnukly ösüşi
  • Nebit gaz pudagynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin toplamlaýyn usuly
  • Inzener hünäri boýunça uçurumlar üçin biznes we menejment boýunça bilimiň ähmiýeti
  • Merkezdäki okuwyň dowamynda hiliň bahasy we kepili
  • Daşky baha: Iňlis dili, maglumat-kommunikasion tilsimaty, biznes menejment, logistika we ulag boýunça okuw moduli
 

 


 
Web-saýt «EuropeAid» Ösüş we hyzmatdaşlyk boýunça Baş Direktorat hem-de giňeltme boýunça Baş Direktorat tarapyndan maliýeleşdirilýän Ýewropa Bileleşiginiň Tempus Maksatnamasynyň çäklerinde döredilen.

Bu web-saýt awtorlaryň nukdaýnazaryny görkezýär;Okatmagyň, audiowizual serişdeler we medeniýet boýunça Ýerine ýetiriji Agentligi (EACEA) we Ýewropa Komissiýasy saýtdaky maglumatlary ullanylýandygy üçin jogapkärçilik çekenoklar.
Türkmenistandaky MTO
1998-2013