Türkmenistandaky Milli Tempus ofisi
  EN TM RU
Baş sahypasy | Tempus Türkmenistanda | Ähmiýetleri | Täzelikler | Hereketdäki taslamalar | Tamamlanan taslamalar | Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlary | Erasmus Mundus | Peýdaly salgylanmalar | Biz barada | Partner search | HEREs | Wiza
 

  Tempus Maksatnamasy


Tempus-Ýewropa Birleşiginiň maksatnamasynyň biridir. Bu maksatnama Gunbatar Balkan, Gündogar Ýewropa, Merkezi Aziýanyň we Ýerorta deňiz ýurtlarynyň ýokary bilim sistemasynyň ösüşiniň we durmuş hem-de ykdysadyýet özgertmeleriniň geçirilmegine ýardam bermeklik üçin döredilendir.

Tempus maksanamanyň esasy ünsi -Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolýan ýurtlaryň institutlary bilen hyzmatdaşlygyň üsti bilen ýokara agzalan ýurtlarda ýokary bilim ulgamyny kämilleşdirmekligine gönükdirilen

Maksatnamanyň esasynda durmuş we ykdysady geçiş döwründe hem-de medeniýet ösüşinde ýokary okuw jaýlaryň aýratyn wajyp ähmiýetini ykrar edilmegi dur.

Tempus maksatnamanyň çäklerinde alnyp barylýan ähli görnüşli taslamalaryň dolanşygyny we gözegçiligini Bilimiň Ýerine ýetiriji Agentligi ýerine ýetirýär, medeniýetiň we okuwyň audiowizual serişdeler, hem-de Ýewropa Komissiýanyň garamagynda bolup durýar (EACEA).

Tempus maksatnamanyň esasy maksady hoşniýetli gatnaşykly sebitleriň wekili bolup çykyş edýän Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryň hem-de hyzmatdaş-ýurtlaryň ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň zolagyny döretmekden ybaratdyr.

Agzalan maksatlara ýetmek üçin aýdyň meseleler çözülýär:

  • Hyzmatdaş-ýurtlaryň ýokary biliminiň özgertmelerine we döwrebaplaşdyrmagyna ýardam bermeklik;

  • Hyzmatdaş-ýurtlarda ýokary bilimiň hilini hem-de jemgyýetçilikde we zähmetde zerurlygyny ýokarlandyrmak;

  • Aşakda görkezilen maksatlary ýerine ýetirmek üçin Ýewropa Bileleşiginiň we hyzmatdaş ýurtlaryň okuw jaýlaryň halkara hyzmatdaşlyk ulgamynda kuwwatlylygyny ýokarlandyrmak, olary döwrebaplaşdyrmak we zähmet hem-de gemgyýetçilik üçin aýdyňlaşdyrmak:

  • Ýokary bilim ulgamynda ýurtara üzňeligi we aýratyn alnan ýurduň çäklerinde ýokary bilimiň böleklikligini ýeňip geçmeklik;

  • Uniwersitet fakultetleriň çäklerinde sapakara we sapakgeçiş ugurlary ösdürmek

  • Ýokary okuw mekdepleriň uçurymlaryň gerekligini ýokarlandyrmak;

  • Dünýäde Ýewropa Billeşiginiň ýokary biliminiň özine çekijeligini ýokarlandyrmak

  • Adam resurslaryň ösüşine ýardam bermek;

  • Ýewropa Birleşiginiň we hyzmatdaş ýurtlaryň halklarynyň we medeniýetleriniň arasyndaky özara düşünşmekligini gowulandyrmak (kämilleşdirmek).

Tempus maksatnamanyň çäklerinde taslamalaryň üç görnüşleri maliýeleşdirilýär:

Bilelikdäki taslamalar. Bilelikdäki taslamalaryň esasynda Ýewropa Bileleşiginiň we hyzmatdaş-ýurtlaryň uniwersitetleriň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy durýandyr. Bilelikdäki taslamalaryň esasy maksady - Ýewropanyň ýokary okuw mekdepleriniň we hyzmatdaş ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriň, käwagt bolsa hyzmatdaş ýurtlaryň ýokary okuw jaýlaryň arasynda bilimiň hem tejribäň alyş-çalyşy. Bilelikdäki taslamalar institusial derejede ýerine ýetirilýärler. Olar bilim maksatnamalaryň işläp taýýarlanmagyna, ýokary okuw jaýlaryň dolanşygyny kämilleşdirilmegine, hem-de ýokary bilim we jemgyýet sistemasy üçin wajyp bolan meseleleriniň çözülmegine gönükdirilen.

Struktur çäreler. Struktur çäreler hyzmatdaş ýurtlaryň ýokary bilim ulgamynyň hem-de okuw jaýlarynyň özgertmekligine ýardam berýärler. Şonuň bilen birlikde şol çäreler, dolandyryş düzümini we sistemasyny döwrebaplaşdyrmak bilen bagly meseleleriň (hünärmenligiň çäkleri, hiline baha bermek we ş.m.) çözülmegine, hem-de ýokary bilimiň we jemgyýetiň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmagyna gönükdirilip bilner.

Goşmaça çäreler. Goşmaça çäreler Tempus taslamalar barada maglumaty (maksatnamanyň ýerine ýetirilişiň wajyp ugurlary boýunça ylmy maslahatlar, amaly gözlegler, maglumat çäreler, peýdaly tejribäniň mysallaryny giňden ýaýratmak we netijeli ullanmak) we peýdaly tejribäni ýaýratmak işini öz içine alýar.

 

 

 
Web-saýt «EuropeAid» Ösüş we hyzmatdaşlyk boýunça Baş Direktorat hem-de giňeltme boýunça Baş Direktorat tarapyndan maliýeleşdirilýän Ýewropa Bileleşiginiň Tempus Maksatnamasynyň çäklerinde döredilen.

Bu web-saýt awtorlaryň nukdaýnazaryny görkezýär;Okatmagyň, audiowizual serişdeler we medeniýet boýunça Ýerine ýetiriji Agentligi (EACEA) we Ýewropa Komissiýasy saýtdaky maglumatlary ullanylýandygy üçin jogapkärçilik çekenoklar.
Türkmenistandaky MTO
1998-2013