Türkmenistandaky Milli Tempus ofisi
  EN TM RU
Baş sahypasy | Tempus Türkmenistanda | Ähmiýetleri | Täzelikler | Hereketdäki taslamalar | Tamamlanan taslamalar | Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlary | Erasmus Mundus | Peýdaly salgylanmalar | Biz barada | Partner search | HEREs | Wiza
 

  Erasmus Mundus Maksatnamasy

Erasmus Mundus — Ýewropanyň ýokary okuwyň hilini ýokarlandyrmagyna gönükdirilen ýokary bilim pudagyndaky hyzmatdşlygyň we ykjamlylygyň maksatnamasydyr. Üçünji ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň üsti bilen bu maksatnama adamlaryň we medeniýetleriň arasynda düşünşmekligine we aragatnaşygyna ýardam berýär.

Erasmus Mundus meýilnamasy aşakylara goldaw berýär:

  • Postdiplom derejesinde bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirmekligi isleýän ýokary okuw mekdeplere (Hereket 1) ýada Ýewropa we üçünji ýurtlaryň arasynda institut aralykdaky hyzmatdaşlygy döretmek (Hereket 2)

  • Ýokarda agzalan meýilnamalaryň çäklerinde (Hereket 1 we Hereket 2) okuwy/ylmy işleri ýerine ýetirmekligi isleg bildirýän özbaşdak talyplara, ylmy işgärlere we uniwersitetleriň mugallymlaryna

  • Ýewropa ýokary okuwynyň bütün dünýäde tanalmagyna gönükdirilen taslamalary işläp taýýarlamaga isleg bildirýän hem-de ýokary okuw pudagynda işeňňir guramalara (Hereket 3)

Erasmus Mundus 2009—2013 maksatnamasy aşakda görkezilen işler arkaly amala aşyrylýar:

Hereket 1: Stipendiýany öz içine alýan goşulan meýilnamalar.

Bu hereket Ýewropanyň we üçünji ýurtlaryň mugallymlaryny we ýokary okuw mekdeplerini ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak we hünärmenliginiň esaslaryny döretmek maksady bilen utgaşdyryjaly işlemeklerini höweslendirýär.

Ýokary akademiki hiliniň Birleşdirilen maksatnamalary iň azyndan 3 ýewropa ýurduň uniwersitetleriň konsorsiumamlar tarapyndan işläp taýýarlanan. Şonuň bilen bilelikde Konsorsiumlara Ýewropa Birleşiginiň düzümine girmeýän ýurtlarynyň uniwersitetleri gatnaşyp bilýär. Stipendiýa dünýäň ähli ýurtlarynyň mugallymlaryna we talyplaryna elýeterli. Maksatnamalar hökmany okuw möhletini hem-de azynda 2 uniwersitetlerde geçiriljek gözleg işler üçin niýetlenen möhletleri göz öňünde tutýar, we goşa, köplükleýin hem-de umumy stipendiýa berýär.

Hereket 1 aşakdakylary üpjün edýär:

  • Ýewropanyň hem-de dünýäniň üçünji ýurtlaryň uniwersitetleriň konsorsiumy tarapyndan hödürlenen Magistr kurslaryň (Hereket 1A) we ýokary hilli doktoranturanyň goldawyny (Hereket 1B). Maksatnamanyň düzümine baglylykda konsorsiuma başgada guramalar gatnaşyp bilerler
  • Erazmus Mundus maksatnamasynyň magistr hem-de doktor kurslarynda okamak üçin Ýewropanyň we dünýäniň üçünji ýurtlaryň talyplary we ylymlaryň kandidatlary üçin uniwersitetde okuwa/ylmy-barlag işleri işlerine stipendiýany maliýeleşdirmekligi
  • Magistr maksatnamasynyň bölegi bolup çykyş edýän öwreniş we barlag işleri geçirmek üçin Ýewropadan we dünýäniň üçünji ýurtlardan gelen talyplar we mugallymlar üçin azwagtlaýyn stipendiýalary.

Hereket 2: Dünýäniň üçünji ýurtlaryň ýokary okuw jaýlar bilen hyzmatdaşlyk hem-de ykjamlyk boýuça stipendiýa.

Erazmus Mundus 2009—2013 maksatnamanyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk akademiki özara gatnaşygynyň hem-de talyplaryň we mugallymlaryň alyş-çalyşygynyň güýçlenmeginiň esasy bolup durýar, Ýewropa Bileleşigine girmeýän ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşine ýardam berýär, buda öz gezeginde Ýewropa Bileleşiginiň daşky syýasatynyň maksady bolup durýar. Konsorsiuma dürli 3 ýewropa ýurtlaryň azyndan 5 ýokary okuw mekdepleri hem-de Ýewropa Bileleşigine girmeýän ýurtlaryň birnäçe ýokary okuw mekdepleri gatnaşmaly. Esasy üns ukyplary çäklendirilen adamlara we hukuklary kemsidilýän toparlara berilýär.

Hereket 2 aşakdakylary üpjün edýär:

  • Ýewropanyň we dünýäniň üçünji ýurtlaryň uniwersitetleriň arasyndaky ykjamlygyň düzülen özbaşdak gurnamasyny döretmek we ullanmak maksady bilen Ýewropanyň we dünýäniň üçünji ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyna ýardam.
  • Dürli döwürleýin stipendiýalar -dünýäniň üçünji ýurtlary üçin bellenilen ähmiýetlerine görä, okuwyň derejasine görä hem-de Ýewropanyň we üçünji ýurtlaryň wekilleri (talyplar, alymlar, ylmy barlagçylar, hünärmenler) bilen gazanylan belli bir ylalaşyklara görä.

2 Hereketiň işi Daşky ÝewroSoýuzyň işiniň çäklerinde elýeter bolan dürli maliýe gurallar bilen maliýeleşdirilýär (başgaça aýdaňda the European Neighbourhood and Partnership Instrument, the Instrument for Pre-Accession Assistance, the Development Cooperation and Economic Cooperation Policy Instrument, the European Development Fund and the Industrialised Countries Instrument). Ýokarda agzalan maliýe gurallaryň göz öňünde tutýan maksatlaryň dürliligi sebäpli hem-de üçünji ýurtlaryň ähmiýetlerine we zerurlygyna görä Hereket 2 meýilnamasynyň ýerine ýetiriliş düzgünleri ýurda görä ýyldan ýyla üýtgäp bilýär.

Hereket 3: Ýewropanyň ýokary biliminiň öňe geçmekligi

Hereket 3, bilimiň nokady hem-de dünýä derejesindäki hünärmenligiň merkezi hökmünde görülýän Ýewropanyň özüne çekijeligini ýokarlandyrmagyň üsti bilen ýewropa ýokary bilimini öňe geçirýär.

Hereket 3 taslamalary aşakdakylara ýardam berer:

  • Ýewropanyň ýokary okuw pudagy baradaky habarlylygynyň hem-de hyzmatdaşlygyň we maliýeleşdirmegiň wajyp maksatnamalarynyň öňe gidişligine we ýokarlanmagyna;
  • Maksatnamanyň netijelerini hem-de kanagatlanarly tejribäniň mysallaryny ýaýratmak;
  • Institut we özbaşdak derejede ol netijeleri ullanmak.

«Hereket 2» ýardam, elýeterlik, hiliň bahasy, karzlaryň tassyklamasy, ikitaraplaýyn hünäriň tassyklamasy, okuw meýilnamalary işläp taýýarlamak, ykjamlylyk ýaly jähtler üçin halkara ähmiýeti bar bolan çäreleriň goldawy üpjün edýär.

Hereketler ýokary bilim pudagynda işjeň guramalaryň garyşyk toparlar arkaly ýerine ýetirlip biliner. Hem-de azyndan Ýewropa döwletlerinden 3 guramalardan we dünýäniň üçünji ýurtlardan 2 guramalardan ybarat bolan.

 


 
Web-saýt «EuropeAid» Ösüş we hyzmatdaşlyk boýunça Baş Direktorat hem-de giňeltme boýunça Baş Direktorat tarapyndan maliýeleşdirilýän Ýewropa Bileleşiginiň Tempus Maksatnamasynyň çäklerinde döredilen.

Bu web-saýt awtorlaryň nukdaýnazaryny görkezýär;Okatmagyň, audiowizual serişdeler we medeniýet boýunça Ýerine ýetiriji Agentligi (EACEA) we Ýewropa Komissiýasy saýtdaky maglumatlary ullanylýandygy üçin jogapkärçilik çekenoklar.
Türkmenistandaky MTO
1998-2013